UEFA 2024-nji ýyla çenli Çempionlar ligasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär

  • 30.01.2021 16:29
  • 7.7k+

UEFA Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynyň Çempionlar ligasynyň ornuny tutjak we guramadan garaşsyz boljak Super ligany döretmek isleýändigi sebäpli esasy ýewrokubok ýaryşyny üýtgetmegi göz öňünde tutýar, diýip AS neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda öňdebaryjy ýurtlardan birnäçe klubuň 2022-nji ýyla çenli Super liga 5 milliard ýewro býujet bilen birleşmegi maslahatlaşýandygy belli boldy. 21-nji ýanwarda Halkara futbol federasiýasy (FIFA) we alty konfederasiýa ýapyk liganyň döredilmegini ykrar etmeýändiklerini we şeýle ýaryşa gatnaşýanlaryň FIFA tarapyndan gurnalan ýaryşlara goýberilmejekdigini aýdyp çykyş etdiler.
Häzirlikçe ýaryşyň nähili üýtgejekdigi belli däl. Häzirki wagtda UEFA-nyň prezidenti Aleksander Çeferin bäş klub – Madridiň “Realy”, “Ýuwentus”, “Mançester Ýunaýted”, “Fenerbahçe” we “Pari Sen-Žermen” bilen gepleşik geçirýär. 
UEFA täze Çempionlar ligasyny 2024-nji ýylda başlajak we azyndan 2033-nji ýyla çenli dowam etjek dokuz ýyllyk taslama hökmünde meýilleşdirýär. Ýöne turniriň bir ýyl ir başlamagy hem mümkin.

şu gün 11:31
6

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

şu gün 10:24
733

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
1.2k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......