“Harri Potteriň” älemine esaslanýan serial surata düşüriler

  • 28.01.2021 23:02
  • 5.4k+

HBO kompaniýasy franşiza eýeçilik edýän Warner Bros. film studiýasy bilen bilelikde täze serial üçin ssenariýaçylaryň we ideýalaryň gözlegine çykdy (ýöne şereketleriň arasynda entek hiç hili şertnama gol çekilmedi!). Bu barada "The Hollywood Reporter"-e salgylanyp, MTV.ONLINE habar berdi. 

Iki kompaniýa hem täze blokbasteri surata düşürmek isleýär, olar munuň “Harri Potter” äleminiň dünýädäki millionlarça muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanjakdygyna ynanýarlar.
Bu serialy döretmek kararyna gutarnykly gelinse, onda onuň döredijileri bestseller ýazyjy J.K.Rowling bilen ähli meýilnamalary barada ylalaşmaly bolarlar. Şeýle hem, kompaniýalar filmler we "Harri Potter" bilen baglanyşykly islendik mazmun üçin ýaýlym şertnamasyna eýe bolan "NBCUniversal" bilen gepleşik geçirmeli bolarlar.
Ýeri gelende, 1997-2007-nji ýyllar aralygynda "Harri Potter" hakynda birnäçe kitabyň neşir edilendigini, olaryň barynyň sekiz filmde ekranlaşdyrylandygyny ýatladýarys. Bu filmlere bolan gyzyklanma şu güne çenli azalmaýar: muşdaklar her ýyl maňlaýy çapyk oglanjyk hakdaky hekaýanyň ähli bölümlerini täzeden görüp çykýarlar. Hatda geçen ýylyň oktýabr aýynda Londonyň merkezindäki Lester meýdançasynda ýaşajyk jadygöýe bagyşlanyp, ýadygärlik hem dikilipdi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......