Türkmenistanyň Prezidenti «Garagum» myhmanhanasynyň gurluşygy bilen tanyşdy

  • 27.01.2021 10:08
  • 19k+

Sişenbe güni Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutany ilki bilen paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurulýan desgalaryň gurluşyk meýdançasyna geldi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň ugrunda gurluşygy alnyp barylýan we gurluşygy meýilleşdirilen binalaryň şekil taslamasy, “Garagum” işewürlik merkezli myhmanhananyň baş meýilnamasy hem-de seýilgähiň şekil taslamasy we baş meýilnamasy, söwda dynç alyş merkeziniň taslamalary, ýerasty geçelgeleriň şekil taslamalary hödürlenildi.
Aşgabat şäheriniň häkimi seýilgähiň taslamasy barada hasabat berdi.
Täze seýilgäh paýtagtymyzyň Halkara howa menziline çenli uzalyp gidip, şol ýerde ýaşaýan raýatlarymyzyň oňaýly dynç alýan ýerine öwrüler. 
Gurbanguly Berdimuhamedow seýilgähi “Laçyn” diýip atlandyrmagy teklip etdi. Milli Liderimiziň bu teklibi paýtagtymyzyň ganatlaryny ýaýyp duran laçynyň şekilindäki Halkara howa menziliniň bu ýerde ýerleşmegi bilen baglylykda, ýerine düşen teklipdir.
Şeýle hem türkmen Lideri Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän köpugurly işewürlik merkezli “Garagum” myhmanhanasyny synlady.
6,9 gektar meýdanda ýerleşýän 9 gatly myhmanhananyň binasynda, taslama laýyklykda, kaşaň otaglaryň 87-si, şol sanda standart, sýut, lýuks hem-de super lýuks otaglar göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, restoranlar, banket zaly, suwda ýüzülýän howuzlar, dürli trenažýorlar bilen üpjün edilen fitnes-zal, tennis meýdançasy we beýlekiler myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Işewürler merkezinde işewürlik duşuşyklaryny geçirmek üçin oňaýly şertler dörediler.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......