«Türkmenenergo» ýurdumyzyň energiýa üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin enjamlary satyn alar

  • 24.01.2021 20:17
  • 5.8k+

Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy «Ahal-Balkan» we «Balkan-Daşoguz» ýokary woltly asma elektrik geçirijisiniň we beketleriniň gurluşygy üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada baglaşan şertnamalaryna ýurdumyzyň energoulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur bolan enjamlary, materiallary we awtotehnikalary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen goşmaça ylalaşyklary baglaşar.
Munuň üçin degişli ygtyýar berýän Karara Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.
Bu resminama ýurdumyzyň sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiliginiň ygtybarly bolmagyny we ýurdumyzyň energiýa ulgamynyň özara ätiýaçlandyrylmagyny has-da berkitmek maksady bilen kabul edildi.

düýn 14:17
5.9k+

TikTok programmada wagtyny az geçirýän ulanyjylary nyşanjyklar bilen sylaglar

TikTok sosial ulgamy ulanyjylara öz ruhy saglygy barada alada etmäge kömek etjek täze gurallary işe girizýär. Şeýle aýratynlyklaryň biri programmadaky wagtyny bilgeşleýin çäklendirýän ulanyjylara beriljek nyşanjyklar boldy diýip, TechCrunch habar berýär...

düýn 13:58
7k+

Astrosuratçy Günüň fonunda aşak gaçyp barýan adamyň suratyny düşürdi

Amerikaly astrosuratçy Endrýu MakKarti Günüň fonunda paraşýutçynyň ajaýyp suratyny düşürdi we wideony öz Instagram sahypasynda ýerleşdirdi. Suratyň ady "Ikaryň Aşak Gaçyşy" diýlip atlandyryldy. MakKartiniň aýtmagyna görä, suraty almak üçin uzak wagtlyk taýýarlyk we takyk hasaplamalar zerur boldy...

düýn 13:11
1k+

Google has kuwwatly we mugt elýeterli bolan täze Gemini 3 EA modelini hödürledi

Google täze nesil emeli aň modelini – Gemini 3-i hödürledi. Kompaniýa ony Gemini hatarynda iň ösen we hemmetaraplaýyn model diýip atlandyrýar. Ol eýýäm Gemini programmasynda, Google gözleginiň AI režiminde, şeýle-de işläp düzüjiler we korporatiw ulanyjylar üçin gurallarda elýeterlidir...

düýn 13:02
1.6k+

Google-yň başlygy "EA köpürjiginiň" töwekgelçilikleri barada duýdurdy

Alphabet we Google kompaniýalarynyň baş direktory Sundar Piçai BBC teleýaýlymyna beren interwýusynda emeli aň (EA) pudagynyň çalt ösmegi bilen bagly bolup biläýjek töwekgelçilikler barada gürrüň berdi. Sundar Piçai eger EA bazary "köpürjik" derejesine ýetip, soňra ýarylsa, munuň her bir kompaniýa täsir etjekdigini belledi...