Makgregor Habibiň söweşden soňky teswirine jogap berdi

  • 24.01.2021 14:40
  • 43k+

Konor Makgregor UFC-niň ýeňil agramdaky çempiony Habib Nurmagomedowa jogap berdi.

Öň habar berşimiz ýaly, Nurmagomedow UFC 257-de Makgregoryň Dastin Porýeden ýeňilmegine teswirini beripdi.
Russiýaly türgen Twitter sahypasynda Konoryň ýeňilmegini ony çempion eden toparyny üýtgetmegi hem-de «hakykylykdan üzňelikde» çagalar bilen türgenleşmegi bilen düşündirdi.

«Meniň toparym ilkinji günümden bäri ýanymda. Men hiç zady hem üýtgetmedim. Hemme zat bolşy ýaly. Türgenlere hormat goý. Munuň özi nikabyň arkasynda gizlenýän adamyň häsiýeti. Eger-de ol özüne hormat goýulmaýan teswirlerini almak islese, goý, dolansyn. Men onuň bilen duşuşmaga taýýar» — diýip Makgregor metbugat maslahatynyň barşynda aýtdy, diýip news.sportbox.ru habar berýär.

Ýatlatsak, Dastin Porýe ikinji raundda Makgregory tehniki nokaut bilen ýeňdi.

şu gün 10:04
986

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

şu gün 08:32
3.1k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 23:30
4.8k+

Tunisiň ýygyndysynyň tälimçisi DÇ-2026-da geçiren ilkinji oýnunyň yzysüre wezipesinden boşadyldy

Sabri Lýamuşi futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn oýunlarynyň birinji tapgyrynda topary Şwesiýadan iri hasap bilen utulandan soň, Tunisiň ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden......

düýn 15:55
8.1k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......