Bill Geýts koronawirusa garşy sanjym etdirdi

  • 23.01.2021 23:08
  • 9.2k+

Microsoft-y esaslandyran Bill Geýts özüniň Twitter sahypasynda koronawirusa garşy sanjym etdirendigi barada aýtdy. Bu barada rg.ru habar berdi.

"65 ýaşyň berýän artykmaçlyklarynyň biri - COVID-19 sanjymyna hukugymyň bolmagy. Şu hepde men ilkinji dozamy aldym we özümi gaty gowy duýýaryn. Synagyň ähli alymlaryna we oňa gatnaşanlara, bizi şu pursata ýetiren utgaşdyryjy edaralara we öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärlerine sagbolsun aýdýaryn" diýip, Geýts ýazdy.

Geýtse haýsy sanjymyň edilendigi häzirlikçe nämälimligine galýar.
Geýts ozal özüniň "GatesNotes" blogunda "sanjymlar we bejeriş usullary 2021-nji ýylyň ýazynda global täsir edip biljek derejä ýeter" diýip umyt edipdi. Şeýle-de bolsa, köpçülikleýin ýygnaklara käbir çäklendirmeler girizilmeli. Iň bolmanda baý ýurtlarda hadysalaryň we ölümleriň sany düýpgöter azalmaga başlar we durmuş häzirkisinden has gowulaşar.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......