Saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi

  • 22.01.2021 17:10
  • 5.1k+

21-22-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara ylmy-okuw merkezinde saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi.

Bu teleköpri Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň tanymal alym-professorlaryny hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň , şonuň ýaly-da saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi.
Şu gezekki onlaýn duşuşykda urologiýa we ginekologiýa şol sanda çagalar urologiýasy we ginekologiýasy meselelerine üns berildi. Şeýle hem ýokary töwekgelçilikli göwrelilikde öňüni alyş lukmançylygy, göwrelilikde ýokanç keseller, ginekologiýa keselleri we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Lukmançylygyň bu ugurlarynyň Türkmenistandaky hem-de Germaniýadaky ýagdaýy baradaky çykyşlar diňlenildi, öňüni alyş çäreleri beýan edildi, işgärleri okatmagyň häzirki zaman çözgütleri hem-de aýratynlyklary barada gürrüň edildi.
Şonuň ýaly-da, adam doglandan tä garraýança urologiýa skrininginiň çäreleri; böwrek keselleriniň patofiziologiýasy, anyklanylyşy, bejerilişi we gaýraüzülmeleriniň öňüniň alnyşy; erkeklerde howply täze döremeler (karsinoma): anyklaýyş hem-de bejeriş we beýleki mowzuklara garaldy. Nemes alymlary tejribe alyşdylar hem-de keselleri bejermegiň täze usullaryny ulanmagyň netijeleri barada gürrüň berdiler.
Halkara lukmançylyk merkezleri müdirliginiň halkara iç keselleri merkeziniň iň gowy iş tejribesiniň mysalynda peşew bilen bagly daş keselleri anyklamak we öňüni almak, ony bejermek barada pikir alşyldy.
Çykyşlaryň dowamynda slaýd-tanyşdyrmalaryň, wideomateriallaryň ulanylmagy Türkmenistanyň we Germaniýanyň klinikalarynda işe girizilen, näsaglaryň ömrüni halas etmäge hem-de saglygyny dikeltmäge ýardam edýän täzelikleriň birnäçesine baha bermäge mümkinçilik berdi.

26.06.2026 11:31
3.6k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......