Ilon Mask 100 million dollarlyk bäsleşik yglan etdi

  • 22.01.2021 14:07
  • 17k+

“Tesla”-nyň we “SpaceX”-iň esaslandyryjysy Ilon Mask kömürturşy gazyny tutmak we saklamak üçin iň oňat tehnologiýany döredijilere 100 million dollar tölemegi wada berdi. Ol bu barada "Twitter" sahypasynda mälim etdi diýip, lenta.ru habar berdi.

"Uglerody tutmak boýunça iň oňat tehnologiýa üçin baýrak hökmünde 100 million dollar bererin" -diýip, Mask "Twitter"-de ýazdy. Şeýle hem, ol teklibiň jikme-jiklikleri barada indiki hepde aýan etjekdigini aýtdy.

Uglerodyň tutulmagy we saklanylmagy diýlende, kömürturşy gazynyň (CO2) senagat we energiýa çeşmelerinden bölünmegi we atmosferadan uzak wagtlap izolýasiýa edilmegi bilen baglanyşykly hadysa göz öňünde tutulýar. Bu hadysanyň maksady global ýylylyga we daşky gurşawyň hapalanmagyna garşy göreşmekden ybaratdyr.
12-nji ýanwarda Ilon Mask dünýädäki iň baý adam bolmagyny bes etdi. Ol sanawda birinjiligi 7-nji ýanwarda eýeläpdi. Bu "Tesla"-nyň aksiýasynyň bahasynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly ýüze çykypdy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......