Welaýat häkimleri tejribe alyşmak üçin Mary welaýatyna baryp gördüler

  • 21.01.2021 17:18
  • 8.2k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça düýn welaýatlaryň häkimleri, şeýle hem beýleki käbir ýolbaşçylar Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, dürli ugurlarda iş tejribesi bilen tanyşdylar.

Welaýatlaryň häkimleri, medeniýet ministri, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň rektory paýtagtymyzda, soňra Mary welaýatynyň häkimliginde milli Liderimiziň öňde goýan degişli wezipelerini toplumlaýyn ýerine ýetirmek boýunça işleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Iş saparyna gatnaşyjylar Maryda “Türkmeniň ak öýi” binasyna baryp gördüler. Onuň binagärlik keşbinde gadymy türkmen öýüni dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy, şeýle hem döwrebap dizaýnerçilik çözgütleri ulanyldy.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň başlangyçlary bilen “Türkmeniň ak öýi” binasy beýleki welaýatlarda-da gurulýar. Şunuň bilen baglylykda, Maryda bu ajaýyp desgany guran binagärler we telekeçiler şeýle desgalaryň gurluşygyny alyp barýan kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar.
Olar binany gurmagyň aýratynlyklary, gurluşykda zerur bolan serişdelerdir enjamlar, gurnalan abzallardyr tehnikalar, gurluşykda ulanylan ölçeg kadalary we beýlekiler barada gürrüň berdiler.
Soňra ýyladyşhana hojalyklarynyň işini guramagyň oňyn tejribesini öwrenmek maksady bilen, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň pomidor ösdürilip ýetişdirilýän ýyladyşhanasynyň işi bilen tanyşlyk guraldy. Bu ýerde geçirilen söhbetdeşlige ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan telekeçileri hem gatnaşdylar.
Ýyladyşhana hojalygynyň ýolbaşçysy döwletimiz tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen berilýän ýeňillikli karz pul serişdelerinden peýdalanyp, giň möçberli ýyladyşhanany gurandygy, onda döwrebap enjamlaryň gurnalandygy barada gürrüň berdi.
Oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny üznüksiz üpjün etmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli we maksatnamalaýyn işler döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli çözülmeginiň bir mysaly hökmünde “Erkin gurluşyk” hususy kärhanasynyň alyp barýan işlerini görkezmek bolar. Tejribe alyşmak saparynyň dowamynda bu hojalyga hem barlyp görüldi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
941

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......