Jek Ma oktýabrdan bäri birinji gezek köpçülige çykdy

  • 20.01.2021 20:23
  • 16k+

Hytaýyň Alibaba internet ägirdiniň esaslandyryjysy Jek Ma üç aýdan bäri ilkinji gezek köpçülige çykdy diýip, “The Wall Street Journal” neşiri habar berýär. Ol wideoaragatnaşyk arkaly haýyr-sahawat çäresinde çykyş etdi. Kompaniýanyň paýnamalary netijede 6% ýokarlandy.

Jek Ma 20-nji ýanwarda “Oba mugallymlarynyň başlangyjy” onlaýn çäresine gatnaşdy diýip, işewüriň gaznasynyň wekilleri muny tassykladylar. Ol gaznadan minnetdarlyk alan mugallymlar bilen söhbetdeş boldy. Şeýle-de, hytaý KHBS-i Jek Manyň başlangyç mekdepleriň birine barandygyny habar berýärler.
Ýatlap geçsek, milliarder 24-nji oktýabrdan bäri köpçülikde görnenokdy. Şol gün milliarder Şanhaýyň iň uly işewürler forumynda häkimiýeti we maliýe düzgünleşdirijilerini tankytlady. 
Häkimiýetiň tankydy milliarderiň Ant Group maliýe kompaniýasy we Alibaba üçin kynçylyklaryň ýüze çykmagyna getirdi. Hytaý häkimiýetleri iň soňky pursatda dünýäde iň ulusy bolup biljek Ant Group IPO-syny ýatyrdylar. 24-nji dekabrda Alibaba garşy antimonopoliýa derňewiniň başlanandygy belli boldy. IPO ýatyrylansoň, Jek Ma köpçüligiň gözünden ýitdi.

düýn 23:22
340

Jeýkob Elordi Bleu de Chanel-iň täze atyrynyň ýüzi boldy

Akýor Jeýkob Elordi meşhur erkek atyry bolan Bleu de Chanel-iň resmi ilçisi boldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär....

düýn 00:07
2.1k+

1X startapy ýylda 100 müň öý robotyny öndürjek zawod açdy

Norwegiýanyň 1X Technologies startapy Kaliforniýa ştatynyň Heýword şäherinde «Neo» atly gumanoid (adampisint) robotlary öndürýän zawodyny açdy....

11.05.2026 23:23
2.3k+

Warner Bros. Discovery $2,92 mlrd ýitgi çekdi

Warner Bros. Discovery (WBD) kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi boýunça 2,92 milliard dollar möçberinde ýitgi çekendigi barada hasabat berdi. Ýitgileriň esasy bölegi Netflix bilen şertnamany ýatyrmak......

11.05.2026 18:18
1k+

Alibaba haryt gözlegini emeli aň bilen gürrüňdeşlige öwürýär

Alibaba kompaniýasy özüniň «Taobao» we «Tmall» elektron söwda platformalaryny täzelemäge taýýarlanýar. Kompaniýa haryt saýlamak we satyn almak işini gürrüňdeşlik arkaly amala aşyrmak üçin Qwen atly emeli aň......