Welaýat häkimleri Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrarlar

  • 20.01.2021 16:05
  • 12k+

19-njy ýanwarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Balkan we Mary welaýatlarynyň häkimleriniň hem-de ýurdumyzyň medeniýet ministriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew hem-de Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Mundan başga-da, häkimler dürli maksatly desgalaryň gurluşyklary, welaýatyň ýaşaýyş jaýlarynda, mekdeplerde, çagalar baglarynda ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işini üpjün etmek, elektrik energiýanyň, tebigy gazyň we agyz suwunyň bökdençsizligini ýola goýmak barada hasabat berdiler.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Balkan welaýatyna gözegçilik edýän orunbasary B.Öwezow Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we onuň ýanynda sadaka jaýynyň gurluşygynyň batly depginlerde alnyp barylýandygy, Türkmenbaşy şäherinde köpugurly hassahananyň we ýokanç keselleri hassahanasynyň, Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynda kottežler toplumynyň gurluşyklarynyň dowam edýändigi barada hasabat berdi.
Soňra wise-premýer Ş.Durdylyýew eziz Diýarymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň sebitlerinde ulanylmaga berilmegi göz öňünde tutulýan desgalarda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şeýle hem wise-premýer E.Orazgeldiýew Mary welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada aýdyp, bu ýerde durmuşa geçirilýän hemmetaraplaýyn çäreler barada hasabat berdi. Häzirki döwürde Mary welaýatynyň çäginden gözbaş alan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygynda degişli işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň özara tejribe alyşmak maksady bilen, Mary welaýatyna iş saparynyň guralmalydygyna ünsi çekdi. Olar welaýatyň medeni durmuşyndaky hem-de oba hojalygyndaky oňyn tejribeler bilen tanşarlar. Munuň özi häkimleriň iş tejribesini mundan beýläk-de baýlaşdyrmakda has-da ähmiýetli bolar diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe görkezmeleri berdi.

düýn 21:16
2k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

düýn 11:32
1.9k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

düýn 07:40
4.5k+

Yrak ägirt uly nebit ýatagynyň tapylandygyny mälim etdi

Yrak Saud Arabystany bilen serhediň golaýynda, ýurduň günbatar-günortasynda ýerleşýän Nejef welaýatynda iri nebit ýatagynyň tapylandygyny habar berdi. Deslapky çykarylan netijelere görä, gözleg meýdançalarynyň......

01.06.2026 07:34
7.7k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......