Realme dünýäde müňlerçe ownuk söwda dükanlaryny açmagy meýilleşdirýär

  • 19.01.2021 23:14
  • 9.3k+

Realme kompaniýasynyň baş müdiri Li Binçžun ownuk söwda dükanlaryny gurmagyň meýilnamalary we brendiň 2020-nji ýyldaky satuw netijeleri barada habar berdi. Bu barada 3dnews.ru belläp geçýär.

Kompaniýa 2018-nji ýylda esaslandyryldy we tutuş dünýäde smartfonlary ýola goýmak boýunça iki ýyldan gowrak wagtyň içinde Realme ýedinji orny eýelemegi başardy. Noýabr aýynda kompaniýanyň 2020-nji ýylyň üçünji çärýeginde 14,8 million smartfon satandygy belli boldy. Bu görkeziji 2019-njy ýyldaky netijeden 45% ýokarydyr. 2020-nji ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende, Realme satuwy 132% ýokarlandyryp bildi.
2020-nji ýylyň iýul aýynda Realme smartfonlaryny tutuş dünýäde eýýäm 40 million adam ulanýardy. Häzirki wagtda kompaniýa önümlerini dünýäniň 60-dan gowrak döwletinde satýar. Counterpoint kompaniýasynyň hasabatyna görä, Realme dünýäniň 12 bazarynda öňdebaryjy brendleriň bäşligine girýär. Kompaniýa Filippinlerde birinji orny eýeleýär, Hindistanda ol dördünji orna çykdy.

şu gün 09:49
1.1k+

Google dünýäniň iň gymmat 10 brendiniň başyny çekýär. Galan 9 haýsylar?

Kantar kompaniýasynyň çap eden «BrandZ Top 100 Most Valuable Global Brands 2026» atly reýtingine görä, bu ýyl Google soňky dört ýylda ilkinji gezek Apple kompaniýasyndan öňe geçip, dünýäniň iň gymmat brendi......

düýn 09:56
4k+

Sony boýna dakylýan «şahsy kondisioneri» tanyşdyrdy

Sony kompaniýasy bedeni sowatmak üçin niýetlenen, boýna dakylýan we daşky gurşawa görä temperaturany öz-özünden sazlaýan «Reon Pocket Pro Plus» atly täze nesil ykjam kondisionerini tanyşdyrdy....

15.05.2026 10:46
1.5k+

Alibabanyň peýdasy 84% peselse-de,emeli aňa goýlan maýa goýumlaryň miweleri «düwüp» başlady

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi Alibaba geçen ýyl bilen deňeşdireniňde, kompaniýanyň arassa peýdasynyň 84% aşak düşüp, 5,1 milliard ýuana (750,9 million dollar) çenli azalandygyny mälim etdi. Emma muňa garamazdan,......

14.05.2026 14:53
2.2k+

Motorola Swarovski kristallary bilen bezelen smartfon bilen gulaklyk hödürleýär

Motorola kompaniýasy Swarovski kristallary bilen bezelen «Brilliant Collection» atly premium enjamlar toplumyny resmi taýdan hödürledi. Bu ýörite topluma Swarovski kristallary bilen bezelen «Motorola......