Türkmen mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiginde kümüş we bürünç medallary aldylar

  • 17.01.2021 08:16
  • 13k+

Türkmen mekdep okuwçylary Gazagystan Respublikasynda 7-12-nji ýanwar aralykda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.

Zehinlileriň informatika boýunça bäsleşiginde paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekdebiniň okuwçysy Süleýman Ataýew kümüş medal gazandy. Aşgabatdan hem-de Diýarymyzyň welaýatlaryndan ýokary synp okuwçylarynyň ýedisi üçünji orna we bürünç medallara eýe boldular. Şolardan üçüsi matematika boýunça, üçüsi fizika boýunça we biri informatika boýunça gazanyldy.
Ozal habar berlişi ýaly, ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzyň toparyna halkara derejesinde ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.

26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......