Germaniýada karantini bilkastlaýyn bozýanlar üçin tussaghana açylar

  • 16.01.2021 14:08
  • 10k+

Germaniýada karantini bilkastlaýyn bozýanlar üçin tussaghana açylar. Ýurtda kabul edilen karantin düzgünlerine bilkastlaýyn garşy çykan raýatlar mejbury ýagdaýda şol ýere iberiler. Bu barada ýerli Sosial syýasat ministrliginiň "Bild" -däki teswirinde beren beýanyna salgylanyp, APnews habar berdi.

Kazyýetiň hökümi bilen tussaghana  iberilmezden ozal düzgün bozujynyň karantini birnäçe gezek bozmalydygy, munuň üçin onuň ilki duýduryş aljakdygy, soňra bolsa jerime tölemelidigi düşündirildi.

"Prosedura tapgyrlaýyn amala aşyrylar: duýduryş, jerime, kazyýetiň karary" -diýip, ministrlik belledi.

Tussaghanany Drezdende, durky täzelenjek köne binada açmak isleýärler. Ýeri gelende aýtsak, ol ýerde eýýäm ýaşaýyş üçin durkuny täzelemek işleri badalga aldy.
2020-nji ýylyň ýazynda federal Saksoniýa ştatynyň Saglyk ministri Petra Keppingiň karantini bozýanlary psihiatrik hassahanalara ýerleşdirmek isleýändigi habar berildi. Emma bu meýilnamalar ret edildi.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
932

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......