Smartfondan käbir programmalary gyssagly aýyrmak maslahat berilýär

  • 16.01.2021 12:24
  • 25k+

Check Point kompaniýasyndan bolan kiberhowpsuzlyk hünärmenleri ulanyjylara smartfonlaryndan käbir programmalary gyssagly aýyrmagy maslahat berýärler. Bu barada ufacitynews.ru habar berýär.

Forbes žurnalynyň berýän habaryna görä, gürrüň Rogue atly howply troýan wirusy ýokuşan mobil programmalar hakda barýar. Zyýanly programma üpjünçiligi ulanyjynyň şahsy maglumatlaryny - suratlary, habarlary, geolokasiýa maglumatlaryny we kontaktlary ogurlamak üçin uzakdan girmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, ulanyjy bu programmalar üçin maglumatlaryna girişi çäklendirmäge synanyşsa, ulgam "Siz hakykatdan hem ähli maglumatlary pozmak isleýärsiňizmi?" diýen mazmunly duýduryş görkezer.
Şeýle hem, täze zyýanly programma üpjünçiligi smartfonyň kamerasyna we mikrofonyna, dürli amallary ýerine ýetirmek ukybyna girmek - jaň etmek, SMS ibermek, faýllary pozmak we programmalary gurmak üçin programmirlenendir.
Şeýlelik bilen, smartfondan gyssagly pozmak maslahat berilýän programmalaryň sanawy:
AppleProtect, [se.spitfire.appleprotect.it],
Axgle, [com.absolutelycold.axgle],
Buzz, [org.thoughtcrime.securesms],
Google Play Service, [com.demo.testinh],
Idea Security, [com.demo.testing],
SecurIt, [se.joscarsson.privify.spitfire],
SecurIt, [sc.phoenix.securit],
Service, [com.demo.testing],
Settings, [com .hawkshawspy],
Settings, [com.demo.testing],
Settings, [com.services.deamon],
Wallpaper girls, [com.demo.testing] we
Wifi Pasword Cracker, [com.services.deamon].
Hünärmenler her bir programma iki at berýärler - biri smartfonyň menýusynda ýarlyk hökmünde, ikinjisi bolsa programmanyň häsiýetnamasynda görkezilýär.
Bu programmalara gabat gelinse, olary gyssagly ýagdaýda aýyrmak we ykjam enjamyňyza antiwirus gurmak maslahat berilýär.

 

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......