Samsung Galaxy S21 tapgyrynyň täze smartfonlaryny hödürledi

  • 15.01.2021 19:57
  • 21k+

Günorta Koreýanyň Samsung Electronics kompaniýasy iň täze flagman smartfonlary — Galaxy S21 we Galaxy S21+, şeýle-de Galaxy S21 Ultra-ny hödürledi. Tanyşdyrylyş kompaniýanyň saýtynda ýaýlyma berildi.

Samsung Electronics-iň mobil aragatnaşyk bölüminiň prezidenti we ýolbaşçysy Te Mun Ro häzirki wagtda adamlaryň uzak aralykdan işleýändikleri we wagtynyň köp bölegini öýlerinde geçirýändikleri sebäpli, kompaniýanyň multimediýa üçin iň ýokary talaplara laýyk gelýän smartfony döretmek isländigini belledi. 
Galaxy S21 smartfony 6,2 dýuým Dynamic AMOLED 2X Infinity-O 120 Gs intellektual displeýli ekran bilen üpjün edildi. Galaxy S21+ hem şol bir häsiýetli 6,7 dýuým displeýe, şeýle-de ýokary sygymly batareýe eýe boldy. Modelleriň ikisinde-de emeli intellektli üç kamera bar. Olar Exynos 2100 prosessoryna, 8 Gb operasion ýada we 128 Gb/256 Gb içki ýada eýe boldular. Täze modeller 5G aragatnaşygyny göterýär.
Galaxy S21 Ultra hilini ýitirmezden perspektiwany üýtgetmek üçin öň we dört sany yzky kamerany öz içine alýan ähli obýektiwlerde sekuntda 60 kadr tizlik bilen 4K görnüşinde surata düşürmäge mümkinçilik berýär. Iki teleobýektiw ulgam bolan 100x Space Zoom suratçynyň obýektden näçe uzakda ýerleşendigine garamazdan, ýokary derejede takyk suraty almaga mümkinçilik berýär.
Smartfonlar ýokary gizlinligi üpjün etmek üçin täze enjama hem eýe boldular: suraty ibermezden ozal, ýerleşýän ýeri baradaky meta-maglumatlary bozmak bolýar. Private Share funksiýasy iberilýän mazmuny kimiň aljakdygyny, onuň näçe wagt elýeterlidigini gözegçilikde saklamaga şert döredýär.
Kompaniýa S21 Ultra we S21+ modellerinde ultra giň zolakly (UWB) mümkinçilikler bilen smartfonlaryň awtomobilleriň gapylaryny awtomatik ýagdaýda açyp biljekdigini belleýär. Mundan başga-da, modeller AR Finder funksiýasyna eýe, bu funksiýanyň kömegi bilen Galaxy smartfonlaryny ulanyjylara ýitirilen zady tapmakda kömek sorap habar (messenjer) ibermek bolýar.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......