Guterriş BMG-niň Baş sekretarlygynyň ikinji möhletine dalaş etmek isleýär

  • 12.01.2021 18:28
  • 4.2k+

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş BMG-niň Baş sekretary wezipesine gaýtadan dalaş etmek isleýär, onuň ilkinji bäş ýyllyk möhleti 2021-nji ýylyň ahyrynda tamamlanýar.

“BMG-niň Baş sekretary wezipesinde işleýän ilkinji möhletimiň şu ýylyň ahyrynda tamamlanýandygy sebäpli, men agza döwletler isleg bildirse, BMG-niň Baş sekretary hökmünde ikinji möhlete işlemäge taýýardygymy size habar bermek isleýärin” – diýip, ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygyna iberen hatynda ýazdy. Resminama TASS tarapyndan getirilýär.

Guterriş “BMG-niň özgertmeleriniň üstünde işlemegiň özi üçin uly hormat bolandygyny” belledi.

“Asylly maksatlaryna ýetmek üçin gurama hyzmat etmegimi dowam etdirmek meniň üçin mertebedir” – diýip, ol aýdýar.

Ozal Guterriş özüniň wideo ýüzlenmesinde 2021-nji ýyly koronawirusyň täsirlerinden gutulmagyň ýylyna öwürmäge çagyrdy.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......