"Ýewrowideniýe" bäsleşigi şu ýyl COVID-19-a garamazdan geçiriler

  • 11.01.2021 23:16
  • 4.2k+

"Ýewrowideniýe" halkara aýdym-saz bäsleşigi, COVID-19 pandemiýasyna garamazdan, 2021-nji ýylda geçiriler diýip, ýaryşyň teswirleýjisi Graham Norton aýtdy. Bu barada mybryansk.ru habar berdi.

Norton BBC News bilen söhbetdeşlikde aýdym-saz bäsleşiginiň adaty formatda geçiriljekdigini aýtdy. Ýekeje täzelik - eger-de bäsleşige gatnaşyjy onuň geçirilýän ýeri bolan Rotterdam şäherine baryp bilmese ýa-da koronawirus ýokançlygy sebäpli karantinde galmaga mejbur bolsa, onda bäsleşikde aýdymyň ýazgysy görkeziler.
Graham Norton "Ýewrowideniýe" aýdym-saz bäsleşiginiň 2021-nji ýylda bolmalysy ýaly geçiriljekdigine ynam bildirip, bu çärä 20 müňe golaý tomaşaçynyň gatnaşmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyry, mälim bolşy ýaly, 22-nji maýda Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde geçiriler.

 

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
948

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......