Gyrgyzystanda prezident saýlawlary we dolandyryş formasy boýunça referendum geçirildi

  • 10.01.2021 21:19
  • 7.2k+

Gyrgyzystanda möhletinden irki prezident saýlawlarynda ses berişlik we dolandyryş formasy boýunça referendum tamamlandy. Bu barada TASS habarlar agentligine respublikada Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi saýlaw topary (MST) habar berdi.

“Saýlaw uçastoklary şu gün irden sagat 8:00-dan agşam sagat 20:00-a çenli açyk boldy. Soňky maglumatlar boýunça, saýlawlara 3,56 million töweregi saýlawçylaryň 33,13%-i, referenduma 33,08%-den gowragy gatnaşdy” – diýip, edaranyň wekili aýdýar.

MST-de belleýişleri ýaly, ses berişligiň netijeleri baradaky deslapky maglumatlaryň saýlaw uçastoklaryndan elektron saýlaw gutularyndan edaranyň merkezi serwerine gelmegi dowam etdirýär, şonuň üçin ses berişligiň görkezijileri üýtgäp durar. Dalaşgärleriň näçe ses alandygy barada deslapky maglumatlar hakynda aýdylanda, olary MST ýakyn wagtda neşir edip başlar. MST ses berişligiň ahyrky netijelerini birnäçe gün dowam etjek býulletenleri el bilen sanamak esasynda jemlär. Elektron saýlaw gutularynyň maglumatlarynyň we el bilen sanamagyň esasynda alnan maglumatlaryň tapawutlanýan ýerlerinde MST barlag geçirer.

düýn 15:48
3.9k+

Awstraliýada jaý bazary çökdi: öýleriň bahasy bir çärýekde 128 milliard dollar aşaklady

Awstraliýada gozgalmaýan emlägiň bahasynyň aşaklamagy, soňky çärýegiň dowamynda Sidneý we Melburn şäherleriniň ýaşaýyş jaý bazarynyň umumy gymmatyny 185 milliard awstraliýa dollary (takmyndan 128 milliard ABŞ......

27.06.2026 19:38
5.2k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

27.06.2026 19:26
1.9k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

27.06.2026 11:05
4.3k+

Bütindünýä bankynyň hasabaty: 2035-nji ýyla çenli ýaşlaryň 1,2 milliardy zähmet bazaryna geler

Bütindünýä bankynyň «Gyzgalaňly iş üpjünçiligi meselesi» atly hasabatyna görä, ýakyn onlarça dowamynda ösüp barýan ýurtlar öň görülmedik synag bilen ýüzbe-ýüz bolarlar: takmynan 1,2 milliard ýaş nesil zähmet......