Türkmenistanyň we Owganystanyň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlyk resminamalaryna gol çekdiler

  • 10.01.2021 20:01
  • 6.6k+

9-njy ýanwarda Kabul şäherinde geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hanif Atmar ikitaraplaýyn gün tertibiniň derwaýys ugurlary boýunça taraplaryň nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Owganystanyň döwlet baştutanlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeliligini belläp geçdiler, çünki bu öz nobatynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň netijeli ilerledilmegine itergi berýändir.
Geňeşmeleriň jemleri boýunça taraplar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekdiler. 
Şol gün şeýle-de Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparynyň 6-njy mejlisi hem geçirildi.
Mejlisiň barşynda häzirki döwrüň howplaryna, hususan-da terrorçylyga, ekstremizme, kiber hüjümlerine we wehimleriň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ulgamynda hyzmatdaşlygyň has-da işjeňleşdirilmegi dogrusynda pikirler alşyldy. Ýurtlaryň ikisiniň hem serhetýaka hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, maglumat howpsuzlygyny saklamaga taýýarlyklary beýan edildi. 
Duşuşygyň jemleri boýunça Howpsuzlyk meseleleri boýunça türkmen-owgan bilelikdäki toparynyň 6-njy mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi.

şu gün 12:54
1.5k+

Hytaý dollar bilen bäsleşip biljek sanly töleg ulgamyny işe girizmäge taýýarlanýar

Hytaý merkezi banklaryň sanly walýutalaryny ulanmak arkaly halkara amallaryny geçirmäge mümkinçilik berjek «mBridge» serhetüsti hasaplaşyklar platformasyny täjirçilik maksatly işe girizmek boýunça taýýarlygy......

düýn 18:57
1.4k+

TDHÇMB-niň söwdalarynda geleşikleriň bahasy $19 milliondan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-üsi hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

14.06.2026 15:10
1.2k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

13.06.2026 16:30
995

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......