“2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi

  • 10.01.2021 06:53
  • 10k+

Geçen ýylyň ahyrynda bäsleşigi gurnaýjylar “Ýewropada ýylyň awtomobili” adyna dalaş edýän 29 awtomobili belli etdiler. Häzir sanaw finalçylar bolan 7 modele çenli azaldyldy, esasy we goşmaça nominasiýalarda ýeňijiler 1-nji martda yglan ediler. Bu barada tvoe-avto.com habar berýär.

Bäsleşige gatnaşmak üçin her bir awtomobil 2020-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropanyň azyndan bäş ýurdunda satuwa çykarylmalydy.
Şeýlelikde, “2021-nji ýylda Ýewropada ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň finalçylary şulardan ybarat: Citroen C4, Cupra Formentor, Fiat 500, Land Rover Defender, Skoda Octavia, Toyota Yaris we Volkswagen ID.3.
Ýatlap geçsek, geçen ýyl bu ada Tesla Model 3 we Porsche Taycan modellerinden öňe geçmegi başaran Peugeot 208 eýe boldy. Ondan öňki ýyl ýeňiji Jaguar I-Pace krossoweri boldy. Ozal sylaglamak dabarasy Ženewa awtosalonynda geçirilýärdi, indi koronawirus pandemiýasy sebäpli ol onlaýn görnüşde geçiriler.

şu gün 09:56
1.4k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....