General Motors 57 ýyldan bäri birinji gezek logotipini täzeledi

  • 10.01.2021 06:44
  • 6.6k+

“General Motors” kompaniýasy elektrik ulaglaryny öndürmegi ileri tutmak üçin täze strategiýanyň bir bölegi hökmünde, özüniň logotipini täzeledi. Bu barada kommersant.ru habar berdi.

Kompaniýanyň öňki logotipi - gök fonda, aşaky çyzykly "GM" baş harplary kän bir üýtgedilmezden, 57 ýyl bäri - ýagny 1964-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýärdi.
"GM"-iň täze logotipindäki öňki baş harplar indi kiçi setir harplar bilen ýazylýar we tutuş logotip öňküsinden daşynyň aýlawy bilen has tapawutlanýar. "m" harpynyň aşagynda galan çyzyk Ultium batareýa tehnologiýasynyň wizual aňladylyşydyr, "m" bilen aşaky çyzygyň arasyndaky ak boşluk bolsa wilkanyň nyşanydyr diýip, kompaniýanyň metbugat beýanatynda aýdylýar.
Logotip täzelenmesi bilen bir hatarda, "GM" “Everybody In” mahabat kampaniýasyna başlady. Bu kampaniýa Ultium-yň utuşly taraplaryny görkezmegi we täze müşderileriň arasynda “elektrik ulaglarynyň ýaýramagyny çaltlaşdyrmagy” maksat edinýär.

şu gün 09:56
1.4k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....