«Türkmenhowaýollary» «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň iki sany uçaryny satyn alar

  • 07.01.2021 23:28
  • 25k+

Türkmenistanyň Prezidenti «2012-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek hem-de ýük gatnawynyň möçberini artdyrmak babatda degişli Karara gol çekdi.
Bu resminama laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligine Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasy bilen «P2F» modifikasiýaly «A330-200» kysymly uçarlaryň 2-sini satyn almak babatda şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Şeýle görnüşli uçarlaryň ýük göterijilik kuwwaty 59 tonna, uçuş menzil aralygy bolsa 7400 kilometre deňdir.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......