Messi onkologiýa merkeziniň gurluşygyna gatnaşandygy üçin baýrak aldy

  • 08.01.2021 13:24
  • 9.2k+

“Barselonanyň” hüjümçisi Lionel Messi Values Award 2020 baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak jemgyýetiň ösüşine möhüm goşant goşan türgenlere berilýär. Messiden başga-da, ýörite Values Legend Award baýragy bilen Hawi hem sylaglandy, bu baýrak oňa tutuş karýerasynyň dowamynda adalatly oýna wepalylygy üçin berildi. Bu barada championat.com habar berýär.

Ispaniýanyň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Alehandro Blankonyň we La Liganyň prezidenti Hawýer Tebasyň ýolbaşçylygyndaky eminler “Barselonanyň” hüjümçisine Barselonadaky Sant Žoan de Deu hassahanasynda dünýäniň iň uly onkologiýa pediatr merkeziniň gurluşygyny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşandygy üçin baýrak bermek kararyna geldiler.
Şeýle-de, guramaçylar basketbolçy doganlar Mark bilen Pau Gazol tarapyndan esaslandyrylan gaznany hem bellediler. Türgenler çaga semizligine garşy göreşmäge kömek edýärler.
Belläp geçsek, iki ýyl mundan öň Messiniň gaznasy Stawros Niarhosyň gaznasy (SNF) bilen bilelikde onkologiýa merkeziniň gurluşygyna başlamak üçin zerur bolan 30 mln ýewro ýygnar ýaly 2,6 mln ýewro berdi.

düýn 14:53
6.7k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 23:43
7.8k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

26.06.2026 20:10
8.5k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....