Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamlary barlanylyp başlandy

  • 07.01.2021 18:40
  • 14k+

Türkmenistanda ýaşaýyş jaýlarynda ýangyn howpsuzlygynyň we ýyladyş ulgamlarynyň meýilnamalaýyn barlagy başlandy. Ýangyn söndüriji işgärler öýme-öý aýlanyp, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý etmegiň zerurdygyny raýatlara ýatladýarlar.

Gyşda rahatlyk üçin öýüň ýyly bolmagy zerur. Gowy merkezi ýyladyş ulgamy tutuş jaýyň islegini kanagatlandyrmak üçin niýetlenilen hem bolsa, käwagt sarp edijiler goşmaça ýylylyk enjamlaryny ulanmaly bolýarlar.
Ýyladyjylar köp energiýa sarp edýärler we elektrik üpjünçiligini aşa köpeldip, ýangyn howpuny döredip bilýärler. Bu enjamlar elmydama ähli ýanýan materiallardan uzakda we kiçi çagalardan, öý haýwanlaryndan ýa-da mümkinçiligi çäkli adamlardan uzakda ýerleşdirilmelidir.
Soňky ýyllarda gyzdyryjy enjamlaryň köpüsi dik duran ýagdaýyndan üýtgese, meselem, ýykylsa, awtomatiki usulda elektrik çeşmesini kesýän howpsuzlyk aýratynlyklary bilen işlenip düzüldi. Ýöne nähili enjamdan peýdalansaňyz hem, onuň guratlygyny yzygiderli barlap duruň, göze görnüp duran kemçiliginiň ýokdugyna göz ýetiriň we ulanylmaýan wagty birikdirmäň. Könelen simler ýangynyň döremegine sebäp bolup biler. Islendik könelen, sandan çykyp ugran ýa-da zeper ýeten elektrik simlerini derrew çalşyň, simleri halylaryň ýa-da mebelleriň aşagyndan geçirmäň.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......