Owganystanda parahatçylygy ýola goýmakda özara hereketleriň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

  • 07.01.2021 19:50
  • 8k+

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň GFR-niň Hökümetiniň Owganystan we Pakistan boýunça Ýörite wekili Markus Potzel bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň DIM-niň saýty habar berýär.

Sebit derejesinde howpsuzlygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi ugrundaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi, hususan-da Owganystanda hemişelik parahatçylygyň ýola goýulmagynyň prosesinde özara hereketleriň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Ilçi Potzel Owganystanyň ýakyn goňşularynyň biri hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän möhüm ornuny belläp geçdi we onuň bu ýurtda parahatçylygyň, durnuklylygyň hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ilerledilmegi babatynda sebit we halkara düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini nygtady.
Diplomatlar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi boýunça işjeň gatnaşyklary dowam etmek dogrusynda ylalaşdylar.

düýn 15:15
896

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......