BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili metbugat-maslahatyny geçirdi

  • 07.01.2021 09:01
  • 4.9k+

6-njy ýanwarda Aşgabatda BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German metbugat-maslahatyny geçirdi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Çärä ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen žurnalistler, şeýle hem sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly daşary ýurt KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylaryň arasynda Azerbaýjanyň, Beýik Britaniýanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Hytaýyň, Malaýziýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bardyr.
Metbugat-maslahatyny açmak bilen, N.German çärä gatnaşyjylara 2020-nji ýylyň möhüm wakalary we ýetilen sepgitleri barada gürrüň berdi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi.
Öz çykyşynyň barşynda hanym German geçen ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçirilen «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat jemleýji resminamasyna aýratyn ähmiýet berdi.
Şeýle-de bitaraplyk syýasatynyň öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň hemmetaraplaýyn ulanylmagyna çagyrýandygy hem bellenilip geçildi, ol bolsa dawalaryň öňüniň alynmagynda we parahatçylyk döredijilik proseslerinde BMG-niň esasy wezipeleriniň biri bolup durýandyr.
Şeýle-de öz çykyşynda N.German BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň ähmiýetini hem nygtap geçdi.

«Biziň üçin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly özbaşyna durnukly ösüşiň, raýdaşlygyň we sazlaşygyň gazanylmagy ugrunda syýasy dialog, özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk arkaly halkara jemgyýetçiligini döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy boýunça hereketlere işjeň çekmegiň netijeli usuly bolup durýar», diýip N.German sözüniň üstüni ýetirdi.

06.06.2026 14:06
2.4k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....

05.06.2026 18:04
5.3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

05.06.2026 17:31
1.6k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.1k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......