Türkmenistan 2020-nji ýylda gök önümleriň önümçiligini 10%-den gowrak ýokarlandyrdy

  • 05.01.2021 21:19
  • 8.6k+

2020-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda türkmen oba hojalygy ekin önümleriniň esasy görnüşleriniň önümçiligini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 10%-den gowrak ýokarlandyrdy. Maglumatlar ýurdumyzyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan neşir edildi diýip, ORIENT habar berýär.

Ýurtda gök önümler 2019-njy ýyla garanda, 10,6% köp ösdürilip ýetişdirildi. Lebap welaýatynda ösüş has ýokary boldy, bu ýerde daýhanlar gök önümleri 18,3% köp ösdürip ýetişdirdiler.
2020-nji ýylda Türkmenistanda bakja ekinleri 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende, 13,3% köp ýygnaldy. Iň uly ösüş ýene Lebap welaýatynda boldy. Ol ýerde daýhanlar önümçiligi 38,1% ýokarlandyrdylar.
Geçen ýyl Türkmenistanda miweler we ir-iýmişler 2019-njy ýyla garanda, 11,5% köp ýygnaldy. Olaryň köpüsi ýurduň Daşoguz welaýatynda ösdürilip ýetişdirildi, ösüş 18,6%-e deň boldy.
Ekin önümçiliginiň ýokarlanmagy Türkmenistanda içerki gök önümleri we miwe püresini, şireli suwlary, konserwirlenen iýmiti we ş.m öndürýän gaýtadan işleýän kärhanalaryň ösüşiniň esasynda bolup geçýär.

düýn 20:41
5.7k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

düýn 20:15
914

Aşgabatda «Agro Pack Turkmenistan – 2026» halkara sergisi geçirilýär

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda oba hojalyk harytlarynyň we azyk senagatynyň «Agro Pack Turkmenistan – 2026» atly halkara sergisi açyldy. Bu ýerde ýerli we daşary ýurtlaryň işewür......

11.05.2026 22:55
859

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

11.05.2026 18:16
4.3k+

Fransiýada elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi

Fransiýada Gün energiýasynyň rekord derejede öndürilmegi sebäpli, elektrik energiýasynyň bahasy noldan hem aşak düşdi....