Türkmenistan serhetlerinde synag awtoulag daşamalarynyň düzgünini uzaldýar

  • 05.01.2021 16:59
  • 20k+

Türkmenistan serhetlerindäki barlag-geçiriş nokatlaryndan awtoulag tirkegleriniň galtaşyksyz geçirilmegine rugsat bermek düzgünini uzaltdy. Bu barada «Türkmenawtoulaglary» agentligi öz resmi saýtynda habar berýär.

Hususan-da, «Sarahs ― Sarahs», «Artyk ― Lütfabat» we «Garabogaz ― Temirbaba» gözegçilik geçiriş ýerlerinden 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýratyn görkezmä çenli awtoulag tirkegleriniň galtaşyksyz geçirilmegine rugsat berlendigi habar berildi.
Agentlik bu işleriň türkmen-eýran we türkmen-gazak gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistanyň gözegçilik-geçiriş ýerlerinden halkara ýük daşamalarynyň Düzgünlerine laýyklykda geçirilýändigini ýatladýar.

şu gün 17:31
121

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

şu gün 13:03
2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

şu gün 11:43
2.1k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

şu gün 11:16
1.1k+

Aşgabatda Ýewropa güni medeni-bilim festiwaly bilen bellenildi

Aşgabat şäheriniň «Arkaç» söwda-dynç alyş merkezinde Ýewropa gününe bagyşlanan «Ýewropa syýahaty» atly festiwal geçirildi. Bu medeni-bilim çäresi Ýewropa ýurtlarynyň däp-dessurlaryny bir ýere jemläp, paýtagtyň......