Türkmenistan Owganystanyň ykdysady ösüşi üçin desgalaryň açylyşyna taýýarlyk görýär

  • 05.01.2021 16:28
  • 8.3k+

4-nji dekabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow käbir wise-premýerleriň, Aşgabat şäheriniň hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda halkara ähmiýetli taslamalaryň, şol sanda goňşy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan gaýtadan dikeldilmegini üpjün etmäge gönükdirilen, şonuň bilen birlikde-de, bu ýurda Türkmenistandan ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň iberilişiniň möçberini köpeltmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Ymamnazar — Akina halkara, Serhetabat — Turgundy ugurlary boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny hem-de üstaşyr ulgamlary gurmak boýunça işler üstünlikli dowam edýär. Şol işler Owganystanyň aragatnaşyk kompaniýasy bilen bilelikde halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň ýene-de birini çekmäge hem-de olaryň halkalaýyn ulgam boýunça işini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Has takygy, Hyrat — Akina ulgamy bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi, Owganystanyň üsti bilen Pakistanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň aragatnaşyk ulgamlaryna çykmaga, kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýurdumyzyň içeri we daşary maglumat çäklerini giňeltmäge mümkinçilik berer.
Munuň üçin Mary — Serhetabat ulgamynda degişli kommunikasiýa enjamlary oturdyldy, Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli ulgamlar ulanmaga taýýar edildi. Şeýle hem Akina — Andhoý demir ýolunyň ugrunda suw geçirijileriň 33-sini gurmak göz öňünde tutulyp, olaryň 26-synda gurluşyk işleri tamamlandy.
Owganystan Yslam Respublikasyna degişli ugurlarda ulanylmaga tabşyrylmagy göz öňünde tutulýan desgalar, şol sanda Lebap welaýatynda «Malaý» gaz ýatagyndaky gaz gysyjy desga, Akina — Andhoý demir ýol şahasy, Ymamnazar — Akina halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Kerki elektrik bekedinden türkmen-owgan serhedine çenli elektrik geçirijisi, Mary welaýatynda Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bar.
Iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowa Owganystan Yslam Respublikasyna iş sapary bilen bagly görkezmeleri berip, owgan kärdeşleri bilen Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri taýýarlamak we geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

22.05.2026 15:38
2.4k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....

22.05.2026 14:38
2.2k+

Daewoo E&C kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň altyn hemaýatkäri boldy

Günorta Koreýanyň Daewoo Engineering & Construction kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» atly XXV halkara sergisine we maslahatyna altyn hemaýatkär hökmünde goşuldy....

22.05.2026 14:19
1.6k+

BMG dünýä ykdysadyýetiniň haýallap, inflýasiýanyň ýokarlanjakdygyny çaklaýar

Birleşen Milletler Guramasy geosyýasy gapma-garşylyklar, inflýasiýanyň artmagy we global näbellilikler sebäpli, 2026-njy ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň haýallajakdygyny çaklady....

21.05.2026 18:14
2.6k+

SpaceX birža çykmak üçin arza tabşyrdy: Mask tiz wagtdan trillioner bolup biler

SpaceX kompaniýasy öz paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi taýdan arza berdi. Bu IPO-nyň Woll-strit taryhynda iň uly taslama bolmagyna we Ilon Maskyň baýlygyny ep-esli artdyrmagyna......