Türkiýede Afroditanyň 2500 ýaşly ybadathanasy tapyldy

  • 04.01.2021 23:02
  • 9.5k+

Türk alymlary we arheologlary biziň eýýamymyzdan öňki döwre degişli bolan 35 sany ilatly nokady tapdylar, olaryň 16-sy täze daş asyry döwrüne degişli diýip, Anadolu agentligine salgylanyp, Sputnik gullugy ýetirýär.

Alymlar Izmirdäki Urla, Çeşme we Seferihisar etraplarynyň bir bölegini öz içine alýan 1600 inedördül metr meýdany gözden geçirenden soň, gadymy sosial-ykdysady gurluşyň subutnamalaryny ýüze çykardylar.

"Ýerüsti gözlegleri wagtynda Afroditanyň miladydan öňki VI asyra degişli  ybadathanasyny ýüze çykardyk. Şol döwürde Afrodita medeniýeti giňden ýaýrapdy. Munuň özi tolgundyryjy we täsir galdyryjy açyş" -diýip, gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýän Mimar Sinan uniwersitetiniň hünärmeni Elif Koparal aýtdy.

Şeýle hem, ol ybadathananyň ilkinji yzlarynyň 2016-njy ýylda tapylandygyny belledi. Koparal bikanun hazyna awçylary tarapyndan abanýan howpa we taryhy ýadygärlikleriň şäherleşmegi meselesine ünsi çekdi. Onuň aýtmagyna görä, gözleg topary arheologik hazynalary goramak üçin ýerli ýaşaýjylar bilen hyzmatdaşlyk edipdir.

şu gün 15:15
640

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......