2020-nji ýylda transfer bahasy arzanlan futbolçylaryň sanawy düzüldi

  • 03.01.2021 16:33
  • 12k+

Transfermarkt portaly 2020-nji ýylda beýlekilere garanda transfer bahasy has pese gaçan futbolçylaryň onlugyny hödürledi diýip, www.sport.ru habar berýär.

Reýtingiň lideri Madridiň “Realynyň” belgiýaly hawbeki Eden Azar boldy. 29 ýaşly oýunçy 60 mln ýewro arzanlady. Häzirki wagtda Azar 60 mln bilen bahalandyrylýar.
Ikinji orny “Interiň” ýarym goragçysy Kristian Eriksen eýeledi. Daniýaly oýunçy 55 mln ýewro arzanlady we häzir onuň bahasy 35 mln.
Üçünji orunda “Tottenhemiň” hawbegi Dele Alli ýerleşdi. Onuň bahasy 52 mln ýewro pese gaçdy. Häzir ol 38 mln bilen bahalandyrylýar.
Bulardan başga-da, arzanlan futbolçylaryň onlugyna şular girdi:
Rahim Sterling (“Mançester Siti”, 50 mln ýewro arzanlady, transfer bahasy 110 mln ýewro),
Kepa Arrisabalaga (“Çelsi”, 45 mln ýewro ýitirdi, bahasy 15 mln ýewro),
Lionel Messi (“Barselona”, 40 mln ýewro ýitirdi, bahasy 100 mln ýewro),
Antuan Grizmann (“Barselona”, 40 mln ýewro ýitirdi, bahasy 80 mln ýewro),
N’Golo Kante (“Çelsi”, 40 mln ýewro ýitirdi, bahasy 60 mln ýewro),
Pol Pogba (“Mançester Ýunaýted”, 35 mln ýewro ýitirdi, bahasy 65 mln ýewro),
Aleksandr Lýakazett (“Arsenal”, 35 mln ýewro ýitirdi, bahasy 35 mln ýewro).

şu gün 14:53
1.5k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
2.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
6.1k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
7.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....