Türkmenistanda 2021-nji ýylyň ilkinji bäbegi Lebapda dünýä indi

  • 02.01.2021 17:28
  • 48k+

Türkmenistanda Täze, 2021-nji ýylda ilkinji bäbek Lebap welaýatynda Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde dünýä indi. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oglanjyk täze ýylyň ilkinji sekuntlarynda Saýat etrabyndan Seýitnazarowlaryň maşgalasynda dünýä geldi. Bagtyýar maşgala täze dünýä inen perzentlerine Remezan diýip at goýdular.

«Bu täze ýyl bize bagt getirdi. Maşgalamyzda dördünji perzendimiz — oguljygym Remezan dünýä indi. Merkeziň lukmanlaryna köp sagbolsun aýdýaryn. Olar oglumyň sagdyn dogulmagy üçin elde baryny etdiler» — diýip, täze dünýä inen perzendiň enesi aýtdy.

şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
2.1k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
948

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......