Amerikaly alymlar ýürek ýetmezçiligini bejermegi öwrendiler

  • 02.01.2021 16:21
  • 12k+

Amerikaly barlagçylar ýürek ýetmezçiligini nädip ýeňip geçmelidigini anykladylar. Geçirilen barlaglar ýüze çykarylan täze usulyň ýürek transplantasiýasy bolmazdan hem hassalaryň ömrüni uzaltmaga mümkinçilik berýändigini görkezdi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Olaryň pikiriçe, derman serişdelerini we emeli ýürek nasosyny wagtlaýyn ulanmagy birleşdirmek arkaly bu meseläni çözüp bolar. Şeýle bejergi ýüregiň gurluşyndaky ýetmezçiligi bejermäge mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, şu usuldan peýdalanylandan soň, hassa geljekde has uzak ýaşamaga mümkinçilik berýän organ göçürmesiniň zerur bolmazlygy-da mümkin.
Hünärmenler ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýän 40 adamyň gatnaşmagynda geçirilen barlaglaryň netijelerine esaslanyp, öz gelen kararlaryny mälim etdiler. Synaga 18-59 ýaş aralygyndaky adamlar gatnaşdylar we olaryň hemmesi hem ýokardaky usul arkaly bejergi aldylar. Netijede, 19 adam bejergini üstünlikli tamamlady, şondan soň olaryň emeli nasoslary aýryldy. Birneme wagt geçensoň, beýleki hassalaryň ýagdaýy hem gowulaşdy.
Gözlegçiler bejergi alýan näsaglaryň 90%-iniň diri galandygyny we özüni duýşunyň gowulaşandygyny aýtdylar. Bu adamlaryň 77%-i üç ýyldan soň gutuldylar we özlerini sagdyn duýdular.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......