Türkmenistan 2021-nji ýylyň şygaryny yglan etdi

  • 01.01.2021 23:04
  • 25k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa çarşenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda geljek ýyly “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan etmek teklibini we Täze ýylyň nyşanynyň taslamasyny hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürledi.

Milli parlamentiň Başlygy milli Liderimiziň başlangyjy bilen ykrar edilen bu şygar halkymyzdan, döwlet edaralaryndan, iri jemgyýetçilik guramalaryndan we syýasy partiýalardan gelip gowşan köpsanly teklipler nazara alnyp öňe sürülendigini, geljek ýylyň nyşanynyň taslamasy bolsa yglan edilen bäsleşigiň netijeleri boýunça saýlanyp alnandygyny habar berdi.
Täze ýylyň şygarynyň manysy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2021-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnama gabat gelýär.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow teklip edilýän geljek ýylyň şygaryny we nyşanyny makullady we olaryň metbugatda we teleýaýlymlarda ýerleşdirmek barada tabşyryk berdi.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......