Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri 2021-nji ýyl üçin meýilnamalary maslahatlaşdylar

  • 31.12.2020 14:45
  • 15k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri telefon arkaly gürrüňdeşlik geçirdiler. Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Täze ýyl gutlaglaryny we arzuwlaryny beýan edip, iki taraplaýyn gatnaşyklaryň çäginde we halkara gurluşlar platformasynda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda geçiriljek çäreleriň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.

Liderler iki ýurduň arasynda söwda, senagat, oba hojalygy we ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşdylar we geljek ýyl baý işewürlik we medeni çäreler meýilnamasyny geçirmegi maslahatlaşdylar diýip, Uzdaily habar berýär.
Şeýle hem, Prezidentler geljek ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň baştutanlarynyň nobatdaky konsultatiw duşuşygyny taýýarlamagyň meselelerine garadylar.

şu gün 09:14
370

Spotify hyzmatyň 20 ýyllyk taryhynda iň meşhur aýdymçylaryň we albomlaryň sanawyny çap etdi

Spotify striming hyzmaty özüniň ýigrimi ýyllygynyň şanyna  platformanyň taryhyndaky iň meşhur artistleriň, aýdymlaryň, albomlaryň, podkastlaryň we audiokitaplaryň global reýtingini çap etdi....

düýn 16:05
4.1k+

«Günüň we Suwuň çagalary» türkmen filmi Astanadaky kinofestiwalyň baýragyny aldy

Türkmen režissýory Bekdurdy Amansaryýewiň «Günüň we Suwuň çagalary» atly dokumental filmi «Astana Eco Film Festival» kinofestiwalynda tomaşaçylaryň gyzyklanmasy boýunça ýörite baýraga mynasyp boldy. Bu çäre......

düýn 13:51
2.1k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

düýn 13:48
9.3k+

Atlaryň arasyndaky gözellik bäsleşiginiň ýeňijisine «Toyota Fortuner» awtomobili berildi

«Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi. «2026-njy ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan, mele......