Aşgabatdaky Täze ýyl arçasy Merkezi Aziýada iň beýik arça boldy

  • 30.12.2020 21:13
  • 17k+

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda 2020-nji ýylda iň beýik arça Türkmenistanyň Baş arçasy boldy diýip, “MIR 24” habar berýär.

Ýatlap geçsek, Aşgabatdaky Täze ýyl arçasynyň beýikligi onuň depesini bezeýän ýyldyz bilen birlikde 41 metre, ini 16 metre barabar. Ol “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Dürli reňkli şarlar, monjuklar, oýunjaklar, ýalpyldawuk zerler we bezeg çyralary bilen bezelen bu arça geljek ýylyň iň täsirli nyşanlarynyň birine öwrüldi.
Ikinji orny Daşkentdäki (Özbegistan) arça eýeledi, onuň beýikligi 36 metr, diametri 13 metr. “Üçlügi” Nur-Soltan (Gazagystan) we Bişkek (Gyrgyzystan) jemleýär, bu iki paýtagtdaky arçalaryň beýikligi 25 metr.
Täjigistanyň paýtagtynyň häkimiýetleri şu ýyl şäheriň merkezi meýdançasynda arça oturtmazlyk kararyna geldiler.

düýn 15:15
906

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.3k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.4k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......