Zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryna bagyşlanan “tegelek stol” geçirildi

  • 29.12.2020 13:43
  • 6.2k+

28-nji dekabrda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germanyň gatnaşmagynda häzirki zaman şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, şonuň ýaly-da demokratiýanyň esaslaryny berkitmekde zenanlaryň ykdysady, durmuş, medeni hukuklaryny giňeltmegiň meselelerine bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçirildi.

“Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlige Mejlisiň Başlygy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy gatnaşdylar.
“Tegelek stola” gatnaşyjylar BMG-niň resminamalaryna laýyklykda, milli hasabatlary we synlary taýýarlamak, bu ulgamdaky öňdebaryjy tejribäni öwrenmek boýunça yzygiderli geçirilýän okuwlar, duşuşyklar hem-de maslahatlar barada habar berdiler.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......