Hünärmen antifrizi çalşylandan soň awtoulagyň näme üçin gyzýandygyny aýtdy

  • 29.12.2020 10:36
  • 18k+

Sowadyjy suwuklygy çalşylandan soň awtoulagyň gyzyp başlamagynyň birnäçe sebäbi bar. Aşa gyzmagyň netijesinde motoryň hatardan çykmak ähtimallygy ýokarlanýar diýip, car.ru belleýär.

Motoryň hatardan çykmagy silindriň kellesiniň deformasiýasy, silindrleriň degmesi, içlikleriň (wkladyşlaryň) sypyp aýlanmasy we ş.m. ýaly ýagdaýlarda ýüze çykyp biler.
Sowadyjy suwuklyk çalşylandan soň gyzmagyň iň köp ýaýran sebäbi ulgamda ýeliň petiklenmegidir. Ýagny, sowadyş ulgamynyň bir ýerlerinde kowulmaly howanyň dykyny emele gelýär. Munuň üçin sowadyş ulgamynyň şaha turbasyny iň ýokary nokatda aýyrmak we antifriz guýmak ýeterlikdir.
Ikinjiden, motoryň gyzmagy sowadyjy suwuklygyň mukdarynyň ýeterlik däldigi bilen baglanyşykly ýüze çykyp bilýär. Käwagt sowadyjy suwuklyk çalşylanda antifriz derejesine görä guýulýar, ýöne awtoulag işlemezden ozal ulgamy sordurmak ýatdan çykarylýar. Bu ýagdaýda sowadyş ulgamyndan howa çykýar we giňeldiş gaby boş bolýar.
Sowadyjy suwuklygyň hiliniň pes bolmagy hem motoryň aşa gyzmagyna sebäp bolup biler.
Şeýle hem, hatardan çykma radiator gapagynyň näsazlygy sebäpli hem ýüze çykyp bilýär. Antifriziň giňeldiş gabyna girýän gapagynda kanallar dykylýar. Bu bolsa gapagy ýuwmak ýa-da çalyşmak bilen bejerilýär.
Gyzmagyň köp duşýan sebäpleri sowadyjy ýelpewajyň näsazlygy ýa-da antifriz çalşylandan soň termostat zerarly hem ýüze çykyp biler. Sebäbi termostat tötänleýin dykylyp bilýär, şonda suwuklyk kiçijik tegelekde aýlanýar diýip, hünärmenler belleýär.

şu gün 09:56
1.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

düýn 00:00
2.5k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.4k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....