BSGG-niň ýolbaşçysy: “Koronawirus – soňky pandemiýa däl”

  • 29.12.2020 08:25
  • 19k+

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň baş müdiri Tedros Adhanom Gebreýesus pandemiýanyň döwürleýinligi barada ýatlap geçdi. Ol tutuş dünýäde saglygy goraýyş ulgamlaryna maýa goýumlary artdyrmaga çagyrdy.

Tedros Adhanom Gebreýesus häzirki koronawirus pandemiýasy iň soňky bolmaz diýip hasaplaýar.

“Taryh bize munuň iň soňky pandemiýa däldigini we epidemiýalaryň durmuşyň bir bölegidigini öwredýär” – diýip, Deutsche Welle saýty Gebreýesusyň sözlerini getirýär.

BSGG-niň ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, hökümet we jemgyýet tarapyndan goldanyljak saglygy goraýyş ulgamlaryna maýa goýumlaryň köpeldilmegi “biziň çagalarymyza we olaryň çagalaryna has ygtybarly we durnukly dünýäniň miras galmagyna” ýardam eder.
Geçen 12 aýda koronawirus “dünýäni tersine çöwürdi” we jemgyýet hem-de ykdysadyýet üçin “dowamly netijelere” getirdi diýip, Gebreýesus belleýär.
Ol pandemiýa ähtimallygynyň birnäçe ýyl ozal duýdurylandygyny ýatlady.

“Biz bolup geçen zatlardan sapak almaly” diýip, Gebreýesus ýurtlaryň adatdan daşary ýagdaýlara has gowy taýýarlanmalydygyny we munuň diňe saglygy goraýyş pudagyna däl, eýsem, jemgyýete we hökümetlere degişlidigini belledi.

Pandemiýa başlany bäri dünýäde 80,5 milliondan gowrak keselli ýüze çykaryldy. COVID-19 sebäpli tutuş dünýäde 1,76 mln adam ýogaldy. 56,87 mln adam sagaldy.
27-nji dekabrda Ýewropa bileleşiginiň ýurtlarynda BioNTech nemes we Pfizer amerikan kompaniýasy tarapyndan taýýarlanylan BNT162b2 derman serişdesi bilen ilata köpçülikleýin sanjym etmek işleri başlady. ÝB-de jemi 450 mln ýaşaýjy hasaba alynýar, ýöne häzirlikçe SARS-CoV-2-ä garşy sanjym diňe uly ýaşlylara ediler. Germaniýada sanjymlar bir gün öň başlady.
Koronawirusa garşy ilkinji sanjymy garrylar öýüniň 101 ýaşly ýaşaýjysy Edit-Kwoýsalla aldy.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......