28-nji dekabr – Halkara kino güni

  • 28.12.2020 23:32
  • 4.9k+

Şu ýyl 28-nji dekabrda täjirçilik kinematografiýasyna 125 ýyl dolýar: 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Pariždäki Kapusinok bulwarynyň “Grand-kafesinde” ilkinji kinematografiýa seansy geçirilýär. On filmden ybarat bolan kino görkeziliş meýilnamasyna doganlar Lýumer tarapyndan düşürilen “Suwarylan suwaryjy” atly ilkinji sahnalaşdyrylan film girizildi.

Taryhda ilkinji kino görkeziliş 1895-nji ýylyň 22-nji martynda geçirildi. Şol gün doganlar Lýumer dostlaryna “Lýumer zawodyndan işçileriň çykyşy” atly gysga filmi görkezýärler. Ýöne hut 1895-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Kapusinok bulwaryndaky kafede pul üçin birnäçe gysga metražly lenta giň köpçülige hödürlenilýär.
Kinobusiness.com portalynyň habar bermegine görä, film öndürmekde hindi Bolliwudy rekord eýesi bolup durýar. Ol ýylda 1000-e çenli lenta çykarýar. Iň gadymy lenta – “Raundheý bagyndaky sahnalar”. 1888-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda bu 2 sekuntlyk rolik tomaşaçylara görkezilýär.
1903-nji ýylda “Uly otly talaňçylygy” lentasy ekrana çykýar. Hut şu filmde ilkinji ýörite öwüşginler ulanylýar. 1927-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda “Jaz aýdymçysy” atly ilkinji sesli film çykýar. 1936-njy ýylda Germaniýada ilkinji gara-ak 3D filmleri çykarylýar.

şu gün 15:15
509

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

şu gün 12:29
2.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

şu gün 12:25
1.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

şu gün 12:14
803

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......