Inženerler zyýansyzlandyryjy serişde sepýän bilezik döretdiler

  • 28.12.2020 16:07
  • 8.4k+

Amerikaly startapçylar we inženerler tüýs pandemiýa döwri üçin niýetlenen üýtgeşik bilezik döretdiler. Bu ykjam enjam her gün galtaşylýan hapa üstlerdäki wiruslardan özüňi goramaga kömek edýär diýip, uainfo ýazýar.

Bilezik silikon kemerjik bilen berkidilen pürküji çüýşeden ybarat bolup, onuň ululygy, takmynan, “Apple Watch” bilen deňdir. Bilezigiň düwmesine basanyňyzdan soň, bir ýarym metre çenli aralyga üç sekuntlap zyýansyzlandyryjy serişde sepilýär.
Çüýşede 40 gezek dagy ulanmak üçin ýeterlik mukdarda zyýansyzlandyryjy serişdäniň barlygy habar berildi. Bilezigi döredijiler onuň dükanlarda we beýleki döwlet edaralarynda işleýän ellerini hem-de ulanýan gurallaryny çalt we ýygy-ýygydan zyýansyzlandyrmaly bolýan adamlar üçin has zerur boljakdygyna ynanýarlar.

 

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......