"Ýeke özi öýde" - taryhda iň gowy Täze ýyl filmi boldy

  • 28.12.2020 12:52
  • 20k+

Kino tankytçylary “Ýeke özi öýde” filmini dünýä kassasynda iň üstünlikli Täze ýyl filmi diýip ykrar etdiler. Ol birinjiligi “Grinç” filmi bilen paýlaşýar diýip, mybryansk.ru habar berýär.

Bu filmler dünýä kassasynda, degişlilikde, 477 we 500 million dollar toplamagy başardylar.
Ýaş Makoleý Kalkiniň baş keşbi janlandyran "Ýeke özi öýde" (“Home Alone”) filminiň premýerasy 1990-njy ýylda bolupdy, “Grinç” multfilmi bolsa 2018-nji ýylda surata düşürilipdi. Şeýle dürli döwürlerde surata düşürilendigine garamazdan, olar dünýä kassasynda iň gowy Täze ýyl filmleri statusyna eýe bolmagy başardylar.
Ilkinji 3-lige 359 million dollar girdeji gazanan “Ýeke özi öýde” filminiň ikinji bölümi hem girdi. Dördünji orunda 2000-nji ýylyň “Grinç Täze ýyly ogurlady” filmi bar. Ol nagt 345 million dollar toplamagy başardy.
Şeýle hem sanawda 2004-nji ýylyň “Polýar Ekpressi”, 2019-njy ýylyň “Agaç esgerjik we dört şalyk” we 2003-nji ýylyň “Hakyky söýgi” filmleri bar.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.5k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......