Ýewropada ilkinji emeli ýüregiň satuwyna rugsat berildi

  • 27.12.2020 17:02
  • 20k+

Ýewropada döretmek üçin 27 ýyl sarp edilen ilkinji emeli ýüregiň satuwyna rugsat berildi. Bu barada cursorinfo.co.il habar berýär.

Aýdylmagyna görä, emeli ýüregi döretmegi 1993-nji ýylda oýlap tapyjy we hirurg Alen Karpentýe fransuz senagatçysy Žan-Lýuk Lagardere teklip edipdir. Ilki bilen munuň üçin Karpentýä degişli “Matra” raketa kompaniýasynyň birnäçe inženerleri we barlaghanalary bölünip berildi, soňra bolsa taslama has-da giňeldi.
Häzirki wagtda emeli ýürek "Carmat" diýlip atlandyrylýar. Taslamanyň awtorlarynyň özleri, adatdan daşary çylşyrymlylygyny göz öňünde tutup, organy döretmek üçin zerur wagty rekord dereje hasaplaýarlar. Kompaniýa indi iki çalşykda önümçiligi ýola goýmaga we ýakyn wagtda onuň satuwlaryna başlamaga umyt bildirýär.
Emeli beden agzasynyň işleýşini barlamak barada aýdylanda bolsa, häzirki wagtda şeýle ýüregiň adama göçürilmegine razy boljak hirurglar we hassalar boýunça gözleg alnyp barylýar diýip, çeşme habar berýär.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......