Zarýadda duran smartfony ulanmagyň nämesi howply?

  • 27.12.2020 16:24
  • 27k+

Telecom daily informasion-analitik agentliginiň müdiri Denis Kuskow smartfony zarýad wagtynda ulanmagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, telefonuň şol wagtda ýarylmak mümkinçiligi pes bolup biler, şeýle-de bolsa bu töwekgelçiligi azaltmak gerek diýip, “Praým” agentligi habar berýär.

Durmuşyň häzirki depgininde köp adamlar smartfona birnäçe günde bir gezek däl-de, birnäçe sagatdan zarýad bermeli bolýarlar. Ýöne häzir köp enjamlarda 10-15 minudyň içinde telefonuň zarýadynyň dörtden bir bölegini dikeldýän çalt zarýad berme funksiýasy bar.
Gajete zarýad berlende zarýad elementi gyzýar. Eger-de telefonuň gorag daşlygy bar bolsa, enjamyň gyzmak ähtimallygy ýokary bolýar. Şonuň üçin howpsuzlyk nukdaýnazaryndan gurluşy ulgamdan aýryp gürleşmek ygtybarlydyr. Goranmagyň ýene bir usuly gaty ses aragatnaşygy boýunça gürleşmekdir. Sebäbi şeýle ýagdaýda siz telefony eliňizde saklamarsyňyz, bu hem howpsuzlyk taýdan gowy. 
Ýene bir belläp geçmeli zat, internet ulanylýan ýagdaýynda ýa-da gürleşilende smartfonuň zarýad almagy üçin adatdakysyndan köp wagt gerek bolýar.

26.06.2026 14:55
2.1k+

CORALFLY täze önümlerini hödürleýär: motor ýaglary we antifrizler

CORALFLY kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi distribýutory eýýäm birnäçe ýyl bäri bazarymyzy ýokary hilli we amatly bahaly süzgüçler (filtrler) bilen üpjün edip gelýär. Bu süzgüçler hakykatdan hem halk......

22.06.2026 14:18
7.7k+

Türkmenistanda şu hepde howa +43°С-a çenli gyzar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde (22-28-nji iýun) ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

18.06.2026 18:15
3.5k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
12k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......