Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny satyn almak boýunça gepleşikleri geçirýär

  • 26.12.2020 20:42
  • 22k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Berdiniýaz Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet anna güni Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministriniň orunbasary, döwlet sekretary Aleksandra Dronowa bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň resmi sahypasy habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, gatnaşyjylar Covid-19 ýokanjyna garşy göreşmekde hyzmatdaşlygyň geljegini, hususan-da at gazanan akademik N.F.Gamaleýa adyndaky Russiýanyň epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça milli gözleg merkezi tarapyndan işlenilen “Sputnik V” sanjymyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda taraplar pandemiýa zerarly dünýädäki çylşyrymly ýagdaýa garamazdan saglyk pudagynda hyzmatdaşlygyň ösýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler.
“Sputnik V” waksinasy adam adenowirus wektor platformasynyň esasynda öwrenilen dünýäde ilkinji hasaba alnan sanjym. Häzirki wagtda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) sanawynda sanjymlaryň ilkinji onlugyna girýän waksinasynyň kliniki synaglarynyň tamamlanmagy we köpçülikleýin önümçiliginiň başlanmagy ýakynlaşýar.

26.06.2026 11:31
3.5k+

BSGG hantawirusly ýagdaýyň 2-nji iýulda tamamlanmagyna garaşýar

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), eger şol wagta çenli kesel bilen bagly täze ýagdaýlar ýüze çykmasa, hantawirus keseli bilen bagly epidemiýanyň 2-nji iýulda tamamlanan diýlip ykrar edilip......

24.06.2026 18:05
2.8k+

BSGG: Kongodaky Ebola epidemiýasy taryhda iň ulusy boldy

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy (BSGG) Kongo Demokratik Respublikasynda ýüze çykan häzirki Ebola gyzzyrmasynyň epidemiýanyň başlanan ilkinji aýynda tassyklanan kesel ýagdaýlarynyň sany boýunça taryhda iň......

20.06.2026 12:08
7.7k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......