Ýaponiýa kosmosa agaç hemrasyny uçurmagy meýilleşdirýär

  • 26.12.2020 20:18
  • 7.8k+

Ýaponiýanyň Kioto uniwersiteti we Sumitomo Forestry kompaniýasy dünýädäki ilkinji agaç hemrasyny 2023-nji ýylda uçurmagy meýilleşdirýändigini mälim etdiler. Şeýle-de, gurluşyk we desgalar üçin agaç materiallaryny açyk kosmosda ulanmak meselesi öwrenilýär. Bu barada “Nikkei Asia” neşirine salgylanmak bilen rg.ru habar berýär.

Şeýle hemrany döretmek meýilnamasy barada kosmiki enjamy taýýarlamak üçin agaç ösüp ýetişmeli tohumlaryň ekiliş dabarasynda habar berildi. Taslamany işläp düzüjiler agaç korpusyň elektromagnit tolkunlaryny ýa-da Ýeriň magnit meýdanyny bökdemeýändigini, munuň hemrada antenalary we beýleki duýgur mehanizmleri ýerleşdirmegi aňsatlaşdyrýandygyny düşündirýärler.
Mundan başga-da, agaç hemra orbitadan çykyp, Ýere gaçyp başlanda, ol zyýanly maddalary çykarmazdan we planetanyň üstüni galyndylar bilen hapalamazdan atmosferanyň dykyz gatlaklarynda doly derejede ýanar.
Taslamany döredijiler önümçiligiň bahasyny arzanlatmak we daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen ekstremal şertlerde agaçdan peýdalanmak tehnologiýalaryny mundan beýläk-de ösdürmegi göz öňünde tutýarlar.

düýn 10:51
857

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......