Baýramçylyk günleri Türkmenistanda ähli gulluklarda nobatçylyk guralar

  • 26.12.2020 19:51
  • 25k+

Baýramçylyk günlerinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň doly derejeli durmuşyny üpjün edýän ähli gulluklaryň nobatçylygy guralar.

Ministrler Kabinetiniň düýn geçirilen mejlisinde wise-premýer B.Öwezow Täze ýyl baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Täze ýyl baýramçylyk günleri ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň takyk, bökdençsiz we sazlaşykly işlemegini aýratyn gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz wise-premýere baýramçylyk günleri halkymyzyň oňaýly dynç almagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly anyk tabşyryklary berip, degişli gulluklaryň sazlaşykly işini guramagyň möhümdigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlerine jemagat hojalygy edaralarynyň, tebigy gaz, elektrik we suw üpjünçilik, saglygy goraýyş, jemgyýetçilik ulaglarynyň, dükanlaryň işiniň degişli derejede guralmagy barada tabşyryklary berdi.

 

düýn 15:15
1k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......