Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çäreleriň maksatnamasy taýýarlanyldy

  • 26.12.2020 18:48
  • 25k+

Türkmenistanda Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa Hökümet mejlisinde habar berdi.

Häzirki wagtda dürli öwüşginli tele we radiogepleşikler, konsertler, sahna oýunlary hem-de beýleki döredijilik çäreleri taýýarlanylýar, olar Täze ýylyň öň ýanynda we baýramçylyk günleri halka ýetiriler. Täze ýyl baýramy mynasybetli ýaýlyma bermek üçin, medeniýet we sungat ussatlarynyň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanyp, zähmet üstünliklerini gazanýan watandaşlarymyzyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşindäki gutlaglar ýazgy edilýär.
Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri çagalar üçin döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar, olarda çagalaryň söýgüli oýunlaryndan sahnalar hem görkeziler.
Döwlet sirkinde “Täze ýylyň öwüşginleri” atly ajaýyp baýramçylyk şowhuny taýýarlanyldy.
Täze ýyl baýramy mynasybetli, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň arasynda däbe öwrülen teleköpri 31-nji dekabrda “Älem” medeni dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada arassaçylyk düzgünlerini doly berjaý etmek bilen geçiriler. Dabara baýramçylyk feýerwerki bilen jemlener.

düýn 15:15
977

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 12:29
3.5k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

düýn 12:25
2.6k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......