Daniýanyň ýaşaýjylary koronawirus pandemiýasy döwründe has baýadylar

  • 25.12.2020 15:00
  • 16k+

Koronawirus pandemiýasynyň başlan döwründen bäri Daniýanyň ýaşaýjylary has baýadylar. Şu ýylyň üçünji çärýeginiň maglumatlaryna görä, maşgalalaryň tygşytlamalary 5,66 trillion krona (930 milliard dollar) barabar boldy. Bu barada ýurduň Merkezi bankynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, life.ru belleýär.

"Soňky iki çärýekde maliýe ýagdaýy 709 milliard kron ýokarlandy" – diýlip, habarda aýdylýar.

Bu görkezijiniň birinji çärýekde 541 milliard kron pese gaçyşyň aňsatlyk bilen öwezini dolýandygy bellenilip geçilýär. Häzirki wagta çenli daniýaly maşgalalaryň ortaça ýyllyk girdejisi iki million kron töweregine barabar, bu, takmynan, 327 müň dollara deňdir. Şol bir wagtyň özünde hünärmenleriň hasabyna görä, indiki çärýekde ýurduň ýaşaýjylarynyň maliýe ýagdaýy täze rekord goýmaly.
Belläp geçsek, öň hünärmenler koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan çökgünligiň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda Litwanyň ykdysadyýetine az täsir edendigini aýtdylar. Ýewropa komissiýasy Litwa Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň arasynda jemi içerki önümiň azalmagynyň iň pes derejesine (2,2 göterim) eýe bolar diýip hasaplaýar.

şu gün 08:04
678

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

şu gün 07:46
148

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 23:10
1.3k+

Şäherleriň adam başyna düşýän kitaphanalaryň sany boýunça dünýä reýtingi düzüldi

Warşawa adam başyna düşýän jemgyýetçilik kitaphanalarynyň sany boýunça dünýäde birinji orny eýeledi. Bütindünýä şäher medeniýetleri forumynyň maglumatlaryna görä, Polşanyň paýtagtynda her 100 000 ýaşaýja 11,98......

düýn 15:05
7.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......